äsgermek

äsgermek
işlik
1) Bir zat hökmünde görmek, derekli hasaplamak, sana goşmak, bir zar diýip bilmek.
∙ Sen ony äsgerer ýaly, ol seni äsgerdimi näme?! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
∙ Ol başlykdyryn diýen dolup, adamyny äsgermän depeläp ýörmeli däl ahyry! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
∙ Artygy äsgermeýän Balla beýle gaýtawul örän ýokuş degdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Howanyň ownuk üýtgeşmelerini äsgermeýän ýaş operator ejesiniň janygyp aýdan sözüni ýaňsa alypdy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
∙ Arçynlary we hökümeti äsgermeýär diýen bahana bilen Aşgabatda, Maryda birnäçe adamlary tutup türmä sokupdyrlar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
2) Birinden çekinmek, gorkmak, üýşenmek.
∙ Ol şeýle adamdyr, äsgermese, her zat eder.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно сделать НИР?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»